Kann festiwalynyň ýapyljak güni şäher çyrasyz galdy

  • 25.05.2025 10:18
  • 3k+

Fransiýanyň Alpes Maritimes departamentinde elektrik energiýasy öçdi. Blekaut 78-nji Halkara kinofestiwalynyň geçirilýän Kann şäherine-de täsir etdi diýip, Deadline habar berýär.

FranceInfo-nyň polisiýa işgärlerine salgylanyp habar bermegine görä, munuň sebäbi ýokary woltly liniýalardaky heläkçilik boldy. Hukuk goraýjylar diwersiýa mümkinçiligini hem inkär etmeýär. “Elektrik energiýasynyň öçmegine getiren iki betniýetli hereketiň biri” Tanneron kommunasyndaky (War departamenti) ýokary woltly podstansiýanyň ýakylmagy boldy.
Kannda 78-nji ýyllyk halkara kinofestiwaly geçirildi. Kino tankytçylary filmleriň görkezilişiniň kesilendigini habar berdi.
Deadline neşiri çyranyň tutuş şäher boýunça öçendigini belleýär: dükanlarda we restoranlarda garaňky, töleg diňe nagt görnüşde mümkin, ýolyşyklar işlemeýär we internet bökdeýär. Screen Daily-nyň maglumatlaryna görä, tok köp kinozallarda hem öçdi.
Festiwalyň wekili Variety neşirine Festiwallar köşgüniň awtonom elektrik üpjünçiligine geçendigini we ýapylyş dabarasynyň “meýilleşdirilişi ýaly geçiriljekdigini” habar berýär. Cineum kinoteatrynda görkeziliş wagtlaýyn togtadyldy we elektrik energiýasy bolan ýagdaýynda dikeldiler.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....