Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 24.05.2025 19:30
  • 5.7k+

23-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Hytaýa iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň, şunuň bilen birlikde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada bellenildi.
Türkmen tarapy iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. 
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam edýändigi nygtaldy. 


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......