Hytaýda ogurlanan iPhone-laryň gaýtadan satylýan global merkezi tapyldy

  • 24.05.2025 13:11
  • 10k+

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ogurlanan iPhone smartfonlarynyň köpüsi ahyrynda Hytaýyň Şençžen şäherindäki bir bina gelip düşýär. Muny derňewleriň netijesinde Financial Times-yň žurnalistleri anyklady.

Gürrüň Huasýanbeý sebitindäki ünsi çekmeýän Feiyang Times binasy barada gidýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, bu bina ogurlanan Apple enjamlaryny gaýtadan satmagyň global zynjyrynda möhüm ýer bolup hyzmat edýär. Žurnalistlere iPhone 15 Pro-sy ogurlanan londonly telekeçi Sem Amraniniň smartfonynyň ýoluny yzarlamak başartdy. Smartfony elektrowelosipedli iki erkek adam onuň elinden çekip aldy. “Lokator” funksiýasynyň kömegi bilen ol telefonyň ýoluny tas 10 müň km çenli yzarlady.
Ilkibaşda iPhone Londondaky gizlin ussahana düşdi, soňra şäherde bir ýerden başga ýere göçüp, bir hepdeden Gonkonga bardy. Şol ýerden hem smartfon Şençžene äkidildi we ol Feiyang Times binasynda “ornaşdy”.
Neşiriň maglumatlaryna görä, bu binanyň dördünji gaty Ýewropadan we ABŞ-dan ulanylan iPhone-lary satmaga ýöriteleşendir. Käbir gurluşlar bu ýere açyk ýagdaýda, mysal üçin, model çalşylanda alyjylar tarapyndan smartfonlaryň yzyna gaýtarylmagy arkaly düşýär. Şeýle-de, bu ýere ogurlanan gajetler hem gelýär we olary sosial ulgamlarda bir topara birleşen adamlar satýar we satyn alýar.
Hatda blokirlenen telefonlar üçin hem alyjy tapylýar – olary komponentler üçin satyn alýarlar. Satyjylar smartfonlaryň özlerine nädip düşýändigini bilmeýändigini aýdýar.
Neşiriň hasaplamasy boýunça, Londonda ogurlanan smartfonlaryň gizlin bazarynda ýyllyk dolanyşyk 65,5 mln dollar diýlip çaklanylýar. Parižde we Nýu-Ýorkda hem görkezijiler şeýle. 


21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....