“Napoli” taryhynda dördünji gezek Italiýanyň çempiony boldy

  • 24.05.2025 11:55
  • 6.8k+

Italiýanyň futbol boýunça çempionatynda soňky tapgyryň aýgytly oýunlary oýnaldy we olaryň netijesinde “Napoli” ýaryşyň ýeňijisi boldy.

38-nji tapgyrdan öň “Napoli” “Interden” bir utuk öňde barýardy. Anna güni toparlaryň ikisi-de jemleýji oýunlaryny oýnady. “Komo” – “Inter” duşuşygy ikinjiniň peýdasyna 0:2 hasabynda tamamlandy. Gol bilen Stefan de Wreý (20-nji minut) we Hoakin Korrea (51-nji minut) tapawutlandy.
“Napoli” ahyrky oýunda “Kalýari” bilen oýnady we duşuşyk “Napoliniň” peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Skott Maktomineý (42-nji minut) we Romnelu Lukaku (51) geçirdi.
Şeýlelikde, “Napoli” 82 utuk gazanyp, ýaryş jedwelinde birinji orny eýeledi. Ol “Interden” bir utuk öňe geçdi. Netijede, “Napoli” Italiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Klub soňky üç ýylda ikinji gezek we taryhynda dördünji gezek (1987, 1990, 2023, 2025) Italiýanyň çempiony titulyny aldy. Geçen ýyl topar Seriýa A-da onunjy orny eýeläpdi, şondan soň tomusda topara Antonio Konte tälimçi boldy. Hünärmen “Ýuwentusy” üç çempionlyk titulyna getirip, 2020/21 möwsüminde “Inter” bilen ýeňiş gazanypdy.
“Inter” çempionatda 20 gezek, şol sanda geçen ýyl ýeňiji boldy. Topara 2021-nji ýylyň iýunyndan bäri Simone Indzagi ýolbaşçylyk edýär.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......