BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi

  • 23.05.2025 19:07
  • 10k+

«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär.

Täze gäminiň ady mälim edilmeýär, ýöne onuň tehniki aýratynlyklary şu ýylyň başynda ulanyşa girizilen «BYD Hefei» rolkerine meňzeşdir. Gäminiň uzynlygy 199,9 metr, ini 38 metr, suwa batyş derejesi bolsa 9 metrdir. Gämi adaty gämi ýangyjynda ýa-da suwuklandyrylan tebigy gazda işleýän goşa ýangyçly hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Gäminiň iň ýokary tizligi 18,5 uzele (34,3 km/sag) ýetýär.
«BYD» kompaniýasy awtoulag eksportynyň artmagy sebäpli, öz flotuny ösdürip başlady. Kompaniýa bir ýarym ýylyň dowamynda alty sany rolker gurdy. Olaryň ilkinjisi bolan «Explorer No. 1» 2024-nji ýylyň ýanwarynda, altynjysy «BYD Xi’an» bolsa 2025-nji ýylyň aprelinde suwa goýberildi. Flotdaky iň iri gämiler bolan «Shenzhen» we «Changsha» 9200-e çenli awtoulag daşap bilýär. «BYD» sekizinji rolkerini 2026-njy ýylyň başynda ulanyşa girizmegi meýilleşdirýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......