Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy

  • 22.05.2025 20:45
  • 6.5k+

Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär.

Ispaniýanyň kenar çägi 8 000 kilometre uzalyp gidýär, bu hem iň gowy kenary saýlamak işini kynlaşdyrýar. Şeýle-de bolsa, Lewante kenary arassa çägesi, palmalary we rahat şezlonglary bilen olaryň arasynda tapawutlanyp bildi.

“Bu ýerde kenaryň boýy bilen gezelenç edip, owadan görnüşden lezzet almak bolýar. Golaýda restoranlar, dükanlar we rahat kafeler bar, bu ýerde kofe içmek hem ýakymly” – diýip, aýdymçy Asa Elliot aýdýar.

Lewante kenarynyň golaýynda däp-dessurlary, medeniýeti we ýaşaýyş stilini saklaýan gadymy şäher we kenar Ponýente ýerleşýär. Ol ýerde syýahatçylar ispan tapasyny dadyp görüp, ýerli medeniýet bilen tanşyp bilýär.
Benidorm syýahatçylary köpdürlüligi bilen özüne çekýär: dürli islegli syýahatçylar üçin hem işjeň dynç alyş, hem asuda gezelenç garaşýar.


düýn 09:50
4.2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......