“Habbl” Eýnşteýniň halkasyny surata aldy. Ol üç galaktikadan ybarat

  • 23.05.2025 00:00
  • 2.8k+

NASA “Habbl” teleskopy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suraty hödürledi – onda bir hatara diýen ýaly düzülen üç galaktika görünýär. Olar Ýerden 19,5 mlrd, 5,5 mlrd we 2,7 mlrd ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýär.

Iň uzak galaktika – HerS 020941.1+001557 – suratda gyzyl ýaý ýaly görünýär. Ol golaýdaky SDSS J020941.27+001558.4 galaktikasyny bölekleýin gurşap alýar. Bu galaktika suratyň merkezinde bolup, ýiti ýalkymly nokat ýaly görünýär. Üçünji galaktika – SDSS J020941.23+001600.7 bolsa ýaýy “kesip geçýär”.
Obýektleriň şeýle ýerleşişi grawitasiýa linzasyny döredýär – bu uzak galaktikanyň ýagtylygynyň ýagtylyk çeşmesi bilen synçynyň arasynda ýerleşýän has uly obýektiň grawitasiýasynyň täsiri bilen egrelmek hadysasydyr. Eger ähli zat deňleşse, Eýnşteýniň halkasy – ýaý ýa-da ýagtylyk tegelegi peýda bolýar.
Grawitasiýa linzasynyň täsiri diňe bir uzak galaktikanyň şekilini ýoýman, eýsem onuň ýagtylygyny güýçlendirýär. HerS 020941.1+001557-iň ýagtylygy golaýdaky galaktikanyň massasy sebäpli dörän wagt-giňişlik ýoýulmasyndan geçýär we halka şekilini emele getirýär.
Bellemeli ýeri, bu halkany SPACE WARPS taslamasyna gatnaşýan adaty höwesjeň ýüze çykardy. Bu başlangyjyň çäklerinde meýletinçiler astronomiki suratlarda grawitasiýa linzalaryny gözlemäge kömek edýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....