Aşgabatda halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy

  • 22.05.2025 20:04
  • 5.9k+

20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. 

4–12-nji maý aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde geçirilen fizika boýunça 25-nji Aziýa olimpiadasynda (APhO-2025) ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň üçüsi tapawutlandylar. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Kakamyradowa kümüş medaly eýeledi. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew hem-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow höweslendiriji baýraklary aldylar.


Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde 5–13-nji maý aralygynda geçirilen 59-njy halkara Mendeleýew olimpiadasynyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary: 11-nji synp okuwçysy Rüstem Jumaýew kümüş medal, 11-nji synp okuwçysy Diýar Döwletow, 12-nji synp okuwçylary Aýgül Atajanowa we Jeren Akmyradowa bürünç medallary gazanyp, baýrak eýeleriniň hataryna girdiler.
7–13-nji maý aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Al-Horezmi adyndaky matematika we informatika boýunça 3-nji halkara olimpiadasynda Türkmenistanyň ýaş zehinleri jemi 12 medal – 1 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medallary eýelediler.
Matematika boýunça altyn medala Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow mynasyp boldy.
Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ýusup Resulow, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow hem-de Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kasym Köçekow kümüş medallara mynasyp boldular.
Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçylary Serdar Nazaröwezow, Akmyrat Akmyradow, 9-njy synp okuwçysy Mekan Döwletýarow, Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Ýeňiş Akmämmedow, Atabaý Akmyradow, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Azat Nepesow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Röwşen Seýitgulyýew hem-de Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Akmuhammet Şöhratgeldiýew bürünç medallaryň eýeleri boldular.
Sylaglanylyş dabarasynyň dowamynda halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.


şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......