Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi

  • 22.05.2025 12:25
  • 3.2k+

Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.

Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi. Soňra nyrh birneme pese düşdi.
Aprel aýynyň başynda kriptowalýutanyň bahasy 75 müň dollardan aşak düşüpdi. Bu ýagdaý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giň möçberli gümrük paçlaryny girizmek baradaky meýilnamalarynyň gazna bazarlarynda güýçli pese gaçyşa sebäp bolmagy bilen baglanyşyklydy.
«RBK-nyň» bellemegine görä, paçlar bilen baglanyşykly karar yzyna süýşürilenden soň, bitkoiniň bahasy ýene ýokarlanyp başlady.


11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

13.05.2026 22:54
2.5k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

06.02.2026 09:27
2.7k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...