Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy

  • 22.05.2025 12:38
  • 6.6k+

Amerikaly aktýor Denzel Waşingtona Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy berildi. Dabara bäsleşikden daşary görkezilen Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi.

Baýrak Waşington üçin garaşylmadyk ýagdaýda boldy. Adatça, festiwal “Altyn palma şahasy” hormat baýragynyň gowşuryljakdygy barada öňünden duýdurýar, ýöne bu gezek maglumat soňky pursata çenli mälim edilmedi.
“Jennet we dowzah” filminde Waşington aýdym-saz leýbliniň ýolbaşçysynyň keşbini ýerine ýetirýär. Onuň gahrymany ýönekeý bolmadyk saýlaw bilen ýüzbe-ýüz bolýar – öz kömekçisiniň ogluny ogurlanlara töleg bermelimi ýa-da ýok.
Skaýp Liniň filmi ýaponiýaly nusgawy režissýor Akira Kurosawanyň adybir trilleriniň remeýkidir. Filme Jeffri Raýt, Din Uinters, repçi A$AP Rocky we beýlekiler gatnaşdy. 


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....