Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy

  • 21.05.2025 15:49
  • 6.8k+

Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär.

IONIQ 6 E-GMP platformasynda guruldy. Awtoulag üç görnüşde: yzky tekerleri hereketli we 151 at güýçli, şeýle hem kuwwaty 325 at güýjüne çenli bolan ähli tekerleri hereketli görnüşde elýeterli. WLTP sikline görä, aňrybaş ýöreýiş ätiýaçlygy  614 km.
Çalt zarýad beriş ulgamy batareýany bary-ýogy 16 minutda 10-dan 80%-e çenli güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Zarýad beriş güýji - 233 kWt-a çenli.
Esasy komplektasiýada-da sedan LED faralar, 18 dýuýmlyk tekerler, iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran, Apple CarPlay we Android Auto goldawy, simsiz zarýad beriş ulgamy, howa-gözegçilik ulgamy we elektron kömekçileriň doly toplumy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bularyň arasynda adaptiw kruiz dolandyryşy we awtomatiki tormoz tutuş ulgamy bar.
Şeýle hem model 3,6 kWt güýji bolan daşarky enjamlary birikdirmäge mümkinçilik berýän Plug & Charge we V2L funksiýalaryny goldaýar. Ýükdanyň göwrümi - 401 litr. Içi giň salonly.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......