Serdar Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 21.05.2025 10:23
  • 5.1k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary saklaýar. Bu bolsa Diýarymyzda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistan Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar türkmen topragynda sportuň ösüşine has-da itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşdy.
Federasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturasynyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......