Ýewropa boýunça iň uzak iş hepdesi Türkiýede

  • 20.05.2025 22:25
  • 12k+

Türkiýe iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça Ýewropada birinji orny eýeleýär. Bu barada Ýewrostatyň soňky maglumatlaryna salgylanyp, Kazinform habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ortaça türk işçisi hepdede 43,1 sagat işde bolýar. Bu Ýewropa Bileleşiginde 36 sagada deň bolan ortaça iş wagtyndan 7 sagat köpdür.
Ikinji orunda 41,3 sagat bilen Serbiýa ýerleşýär. Onuň yzyndan Bosniýa we Gersegowina (41,2) we Gresiýa (39,8) gelýär.
Iň gysga iş hepdesi Niderlandlarda hasaba alyndy – 32,1 sagat. Norwegiýada we Irlandiýada hem, bu görkeziji, degişlilikde, 33,7 we 33,9 sagada deň.
Maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginde 2024-nji ýylda, esasan, şu pudaklaryň işgärleri işde has köp wagt sarp etdi: oba, tokaý we balyk hojalygy (hepdede 41,2 sagat), peýdaly magdanlary gazyp almak (38,8 sagat) we gurluşyk (38,7 sagat). Iş wagtynyň dowamlylygy öý hyzmaty (26,7) we bilim (31,9) pudaklarynda has az boldy.
Türkiýede iň köp zähmet talap eden pudaklar myhmanhana-restoran işi (48,6 sagat) hem-de saglygy goraýyş we jemgyýetçilik goragy (48,3) boldy. Mugallymlar iň az işlän hünärmenler boldy – hepdede 34 sagat.
Şeýle-de, jyns aratapawudy hasaba alyndy: Türkiýede erkekler ortaça 44,8 sagat, aýallar 39,7 sagat işleýär.
Şeýle maglumatlar iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylyga düşünmek hem-de dürli ýurtlarda we ykdysady ugurlarda zähmet şertleriniň hiline baha bermek üçin möhüm ähmiýete eýedir.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......