Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýanyň täze Prezidenti saýlandy

  • 20.05.2025 07:51
  • 5.6k+

Buharestiň häkimi Nikuşor Dan Rumyniýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňdi. Resmi maglumatlara görä, býulletenler 100% işlenenden soň, ol 6,1milliondan gowrak ses (53,60%) aldy diýip, Associates Press habar berýär.

Onuň garşydaşy, ultra-sagçy “Rumynlary birleşdirmek üçin bileleşigiň” lideri Jorje Simion 5,3 milliondan gowrak ses (46,40%) aldy.
Ozal şeýle meňzeş netijeleri ekzitpolyň maglumatlary hem görkezipdi: olar Danyň 54%, Simionyň 45% ses alandygyny delillendirdi.
55 ýaşly Nikuşor Dan liberal we Ýewropa gönükdirilen lageriň wekili hasaplanýar. 4-nji maýda geçirilen biirnji tapgyrda ol 20,99% bilen ikinji orny eýeläp, Simiondan (40,5%) yza galdy.
Muňa garamazdan, ses berişligiň ikinji tapgyrynyň netijesi boýunça Dan garşydaşyndan öňe geçdi. Jorje Simion sosial ulgamlarda ýeňlendigini boýun almak bilen wideo ýüzlenmesini ýerleşdirdi we Dany ýeňşi bilen gutlady.
Belläp geçsek, Rumyniýanyň Prezidentiniň saýlawlary gaýtadan geçirildi. 2024-nji ýylyň noýabrynyň ahyrynda geçen öňki ses berişligiň netijeleri “saýlaw prosesiniň dogrulygyny we kanunylygyny üpjün etmek maksady bilen” Konstitusiýa kazyýeti tarapyndan ýatyryldy. Şol wagt saýlawlaryň birinji tapgyrynda ozal ultra-sagçy “Rumynlary birleşdirmek üçin bileleşige” girýän Kelin Jeorjesku ýeňiş gazandy.


07.04.2026 21:02
2.2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

27.03.2026 08:21
2.2k+

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Marilena Mladin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...