Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler

  • 19.05.2025 18:12
  • 5k+

London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi.

Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy. Bu olara ýürek gulajygynyň we garynjygynyň nädip hereket edýändigine, bölünişine we emele gelşine syn etmäge mümkinçilik berdi. Bu proses öňdebaryjy tekizligi yşyklandyryş mikroskopiýasynyň her iki minutdan 40 sagadyň dowamynda surata düşürmegi arkaly dowam etdi. Bu usul düwünçejige zyýan bermezden, takyk 3D şekilleri döretdi.

“Biz süýdemdirijileriň düwünçejik ösüşinde ýürek öýjükleriniň özüni alyp barşyny şeýle ýakyndan we uzak wagtlap synlamagy başardyk. Ýüze çykaran zatlarymyz  düýbünden garaşylmadyk zatlar boldy" - diýip, biolog we barlagyň esasy awtory Kenzo Iwanowiç gürrüň berdi.

Kardiomiositleriň gastrulýasiýanyň irki döwründe - öýjükleriň esasy organlary emele getirip başlaýan döwründe ýüze çykandygy mälim boldy. Adamlarda bu göwreliligiň ikinji hepdesinde bolup geçýär. Syçanlarda bolsa düwünçejik ösüşiň altynjy güni amala aşýar. Şonda öýjükleriň hereketi bitertip däl, olar ýüregiň özenini emele getirýän anyk ugurlara gönükýärler.
The EMBO Journal žurnalynda çap edilen bu barlag dogabitdi ýürek näsazlyklaryny öwrenmekdäki usulymyzy üýtgedip biler. Şeýle hem, regeneratiw lukmançylyk üçin laboratoriýa şertlerinde ýürek dokumalaryny ösdürip ýetişdirmegiň  tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge kömek eder.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 19:44
603

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......