Astronomlar ilkinji gezek Ýerden 155 ýagtylyk ýyly uzaklykda kristallaşan suw buzuny tapdylar

  • 19.05.2025 17:55
  • 3.8k+

Astronomlar onlarça ýyl bäri doňan suwuň diňe bir Gün ulgamynda däl, eýsem onuň daşyndaky ýerlerde hem bolup biljekdigini çaklap gelýärdiler. Indi bolsa «Jeýms Uebb» teleskobynyň kömegi bilen ilkinji gös-göni subutnama alyndy – kristallaşan suw buzy «HD 181327» atly ýyldyzyň daşyndaky galyndy diskinde ýüze çykaryldy. Bu öz görnüşindäki ilkinji açyş boldy.

Agzalan disk tozandan we ownuk doňan jisimlerden ybarat bolup, Günden birneme agyr we has gyzgyn hasaplanýan ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. «HD 181327» atly ýyldyz, takmynan, 23 million ýyl ýaşyndadyr.

«Uebb“ diňe bir suw buzuny däl, eýsem Saturnyň halkalarynda we Gün ulgamymyzyň Koýper guşagyndaky doňan jisimlerde-de duş gelýän kristallaşan suw buzuny ýüze çykardy» — diýip, täze makalanyň awtorlaryndan, Baltimordaky Jons Hopkins uniwersitetiniň işgäri Çen Se aýtdy.

Bu pikiri gözlegiň awtordaşy Kristin Çen hem tassyklaýar.

«25 ýyl mundan ozal aspirant wagtym, ylmy ýolbaşçym maňa galyndy disklerinde buzuň bolmalydygyny aýdypdy, ýöne Uebbe çenli beýle synaglary geçirmäge ýeterlik gurallarymyz ýokdy» — diýip, ol gürrüň berdi.

Buzuň iň köp mukdary ýyldyzdan uzakda, diskiň has sowuk böleginde ýüze çykaryldy. Tersine, ýyldyza golaý ýerlerde bolsa, buz ýok diýen ýalydy. Bu ýagdaý ultramelewşe şöhlelenmäniň täsirinde buzlaryň bugarmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle-de, ähtimal, buz teleskoba görünmeýän gaýaly jisimleriň içinde hem gizlenip biler.
Suw buzlary ýaş ýyldyzlaryň daşyndaky disklerde örän möhüm komponent bolup durýar. Ägirt uly planetalaryň emele gelmegine täsir edýärler, şeýle-de olar kometa we asteroid ýaly jisimler arkaly doly emele gelen planetalara hem daşalyp bilner. Bu açyş alymlara şeýle prosesleriň beýleki planetar ulgamlarda nähili geçýändigini öwrenmäge mümkinçilik berýär.

«Suw buzlary planetalaryň emele gelmegine goşant goşýar. Buzly materiallar, ahyrynda, şuňa meňzeş ulgamlarda birnäçe ýüz million ýylyň dowamynda emele gelýän Ýer görnüşli planetalara „ýetirilibem“ bilinýär» — diýip, Se belleýär.

Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Nature» žurnalynda çap edildi.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 19:54
605

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......