Maks Werstappen Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 19.05.2025 14:47
  • 1.7k+

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Italiýanyň Imola şäherinde geçirildi.

Pellehana ikinji bolup “Maklarenden” britaniýaly Lando Norris geldi. Ol Werstappenden 6,109 sekunt yza galdy. Üçünji bolup pellehana onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri geldi (+12,956).
Şeýle-de, ilkinji onlukda şular bar: 4. Lýuis Hemilton (Beýik Britaniýa, “Ferrari”); 5. Aleksander Albon (Tailand, “Uilýams”); 6. Şarl Lekler (Monako; “Ferrari”); 7. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, “Mersedes”); 8. Karlos Saýns (Ispaniýa; “Uilýams”); 9. Izak Hajar (Fransiýa, “Reýsing Bulls”); 10. Ýuki Sunoda (Ýaponiýa, “Red Bull).
Şu möwsümde dört ýaryşda ýeňiji bolan Piastri sürüjileriň sanawynda öňdebaryjylygy saklady (146 utuk), ikinji orunda Norris (133), üçünji orunda Werstappen (124) gelýär.
Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Maklaren” (279), ikinji orny “Mersedes” (147), üçünji orny “Red Bull” (131) eýeleýär.
Indiki ýaryş 25-nji maýda Monte-Karloda geçiriler.


düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

27.05.2026 18:20
7.2k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....