Garwardda emeli aň başga planetalylary gözlemek üçin ulanylar

  • 18.05.2025 21:56
  • 2.9k+

Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar.

Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy. Indi ol ünsüni kärdeşleri bilen bilelikde ýerasty hadysalara däl-de, howa giňişligine gönükdirýär. Topar akustiki datçikleri, kameralary, radiodatçikleri, bölejik hasaplaýjylaryny, meteostansiýalary we magnitometrleri ulanar.
Esasy maksat asmanda näbelli uçýan obýektleri we beýleki adatdan daşary hadysalary öwrenmekden ybarat. Emeli aň maglumatlary gije-gündiz seljermäge we üýtgeşik hadysalary ýüze çykarmaga kömek eder.
Alym Riçard Kloetiň aýtmagyna görä, taslamanyň çylşyrymlylygy nämäni gözlemelidiginiň näbelli bolmagydyr.

“Biz gözleýän zadymyzy bilemzok. Biz näbelli uçýan obýektleriň hereketi barada hiç zat bilemzok. Taslamanyň düýp mazmuny hem bu obýektleriň nämedigini kesgitlemekden ybarat” – diýip, alym belledi.

EA uçar, guş, mör-möjekler ýaly belli obýektleri tanamagy öwrenýär. Häzirlikçe ulgama bulutlary, tozany, ýapraklary ýa-da ýalpyldawuklary tapawutlandyrmak kyn düşýär. Ýöne geljekde ol adaty zatlary süzüp, üýtgeşik ýagdaýlary aýratynlandyryp biler.
Bloomberg bu ugurda düýpli ylmy gözlegleriň örän seýrekdigini belleýär. Ýöne bu meselä gyzyklanma 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň gizlinlikde düşündirip bolmajak Ýerden daşary hadysalary öwrenendigi belli bolandan soň artyp başlady. Hödürlenen wideo ýazgylary fizikanyň kanunlaryna garşy hereket edýän näbelli uçýan obýektleri görkezdi. Şol wagt Kongres Pentagona täze gözleg programmalaryna başlamagy tabşyrdy.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...