Alymlar uzak oturmagyň Alsgeýmer keseliniň ösüşini çaltlaşdyrýandygyny subut etdiler

  • 18.05.2025 16:36
  • 4.8k+

Amerikaly neýrofiziologlar uzak wagtlap oturmagyň beýniniň çal maddasynyň mukdarynyň azalmagyna we Alsgeýmer keselli adamlaryň epizodik ýadynyň ýaramazlaşmagyna getirýändigini anykladylar diýip, EurekAlert ýazýar. Bu hatda ýokary derejede fiziki işjeňlik bolanda hem ýüze çykýar. Aýratynam, APOE4 mutasiýaly hassalar has-da ejizdir  diýip, Wanderbilt Uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň (VUMC) metbugat gullugy habar berdi.

Geçiren gözegçiliklerimiz Alsgeýmer keselli adamlaryň akyllarynyň we ýatlarynyň haýal peselmegi üçin mümkin boldugyça uzak oturmaly däldiklerini görkezýär. Bu, esasanam, genetiki taýdan bu kesele golaý bolan ýaşuly adamlar üçin hasam möhümdir. Olar beýnisiniň sagdynlygyny saklamak üçin wagtal-wagtal arakesme edip, ýerinden turmaly we hereket etmelidir – diýip, VUMC-niň professory Anžela Jefferson düşündirdi.
Alymlar ýaşy 50-den ýokary bolan 400 adamyň beýnisiniň ýagdaýyna we kognitiw funksiýalaryna ýedi ýylyň dowamynda syn etdiler. Barlaga APOE4 mutasiýasyny göterijiler hem, şeýle mutasiýasy bolmadyk hassalar hem gatnaşdy. Tomograflaryň we işjeňligiň datçikleriniň kömegi bilen hünärmenler beýniniň we hereket işjeňliginiň gurluşyndaky üýtgeşmelere gözegçilik etdiler.
Netijeler, her gün 1000-1100 minut töweregi wagtyny oturyp ýa-da ýatyp geçirýän gatnaşyjylaryň beýnileriniň gabynyň, 500-600 minut oturýanlaryňka garanyňda, ortaça 6% ýuka bolýandygyny görkezdi. Bu, esasanam, APOE4-iň bir ýa-da iki mutasiýasyny göterýänlerde güýçli ýüze çykdy.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......