Režissýor Ari Asteriň “Eddington” filmi Kann festiwalynda 7 minutlyk el çarpyşma mynasyp boldy

  • 18.05.2025 10:12
  • 5k+

Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär.

Tomaşaçylaryň haýran galmagy Feniksiň gözýaşyna sebäp boldy. Aster hem çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

“Bu hasyl bolan arzuw” – diýip, režissýor belledi.

Tankytçylar hem filme oňyn syn berdi. Independent-den Sofi Monks Kaufman ony “häzire çenli Asteriň iň gülkünç filmi” diýip atlandyrdy. Deadline-dan Deýmon Uaýz taslamanyň “uly ädim” hökmünde seredilip bilinjekdigini belläp, filmiň COVID pandemiýasyna “bizi häzirki ýerimize getiren uly partlama” hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Aster “Reinkarnasiýa”, “Midsommar” we “Bonuň ähli gorkulary” filmleri bilen tanalýar. Bu gezek ol komediýa görnüşde neowestern düşürdi. Sýužetiň merkezinde pandemiýa döwründe uly bolmadyk amerikan şäheriniň häkimi bilen ýerli şerifiň arasyndaky gapma-garşylyk durýar.
Şeýle-de, filme Emma Stoun, Ostin Batler, Lýuk Graýms, Dirdri O’Konnell, Mişel Uord, Ameli Hoferle, Klifton Kollinz-kiçi we Uilýam Bellou gatnaşdy.
“Eddington” Kann festiwalynyň esasy bäsleşik programmasyna girýär we Ues Andersonyň, Riçard Linkleýteriň, Žýuliýa Dýukornonyň we Kelli Reýhardtyň işleri bilen bir hatarda “Altyn palma şahasy” ugrunda bäsleşer.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....