Türkmenistanda “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görülýär

  • 18.05.2025 10:02
  • 11k+

17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2024–2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada ‘Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralaryny, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......