Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda resminama gol çekdi

  • 17.05.2025 23:42
  • 13k+

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geljek ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.
Geljek ýylda ýurdumyzyň  makroykdysady  ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň gerimli özgertmeleri dowam etmek, maýa goýumlaryň esasy  bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we hususy telekeçiligi  ösdürmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylda hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dowam etmek maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:

  • Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek; 
  • ýokarda görkezilen taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2025-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek;
  • bu taslamalary taýýarlamak üçin, hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmek we onuň işini netijeli guramak tabşyryldy.

düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......