Mejlisde Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

  • 17.05.2025 14:24
  • 1.8k+

16-njy maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Türkmen-Eýran Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy. 
Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. 
Eýran-Türkmenistan Parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parlamentiniň düzümi hem-de ýurdumyzda ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak barada pikir alşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.


şu gün 11:41
81

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......