Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?

  • 16.05.2025 16:45
  • 4.2k+

Toyota «bZ4X» modeliniň ornuny tutjak täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi. Täzelenen wersiýa kämilleşdirilen dizaýny, has uzak ýol aralygy we Tesla-nyň zarýad infrastrukturasyny goldamagy bilen tapawutlanýar.

2026-njy ýylyň modeli Toyota-nyň konseptine esaslanyp, täzeden dizaýn edildi. Täze LED çyralar, gorizontal ýagtylyk zolagy we täze öň panel bilen enjamlaşdyryldy. Interýerinde 14 dýuýmlyk multimediýa ekrany, döwrebap dolandyryş paneli we iki sany simsiz zarýad platformasy bar.
Elektrokrossower iki görnüşli akkumulýator bilen hödürlenýär. Esasy görnüşinde 57,7 kWt⋅sag kuwwatly akkumulýator bar we ol bir gezeklik zarýad bilen 340 km-e çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. 74,7 kWt⋅sag kuwwatly görnüşinde bolsa, bu görkeziji has ýokary: öňdäki tigirlerden herekete getirilýän «XLE» görnüşinde 505 km, ähli tigirlerden doly herekete getirilýän «Limited» görnüşinde bolsa 440 km.

Öňdäki tigirlerden herekete getirilýän görnüşinde 221 at güýji, doly herekete getirilýän görnüşinde bolsa 338 at güýji bar. 100 km/sag tizlige 5 sekuntdan az wagtda ýetýär.
«bZ» modeli NACS zarýad standartyny goldaýar, bu hem Tesla Supercharger stansiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem «plug-and-charge» (dak we zarýad ber) funksiýasy, pedal arkaly tormoz energiýasyny dikeltmek ulgamy we tiz zarýad bermek mümkinçilikleri bar: DC zarýad üçin 150 kWt-a çenli, 2-nji derejeli zarýad üçin bolsa 11 kWt-a çenli.
Täze model «Ford Mustang Mach-E» we «Chevrolet Equinox EV» ulaglaryna bäsdeş hökmünde görkezilýär. Bahasy heniz mälim edilmedi, ýöne kiçi batareýaly görnüşiniň 37 müň dollardan arzan bolmagyna garaşylýar, sebäbi öňki «bZ4X» başlangyçda şeýleräk bahadan satuwa çykarylypdy.


şu gün 08:16
670

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......