Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi

  • 16.05.2025 15:50
  • 2k+

Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy.

Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy. Bu tehnologiýa awtonom agentlere toplanan tejribä esaslanyp, karar kabul etmäge mümkinçilik berýär. Onuň sözlerine görä, bu tans – «irki netije bolup, ýakynda has durnukly bolar».
Maskyň aýtmagyna görä, wideodaky berkidijiler robotyň deňagramlylygyny saklamak üçin däl-de, diňe ýykylyp biläýjek ýagdaýynda howpsuzlyk maksady bilen ulanylýar. «Bu [wideo] häzirki wagtda [düşürildi]» — diýip, ol belledi.
Kompaniýa Optimus-yň täzelenen wersiýasyny 2023-nji ýylyň dekabrynda tanyşdyrypdy. Täze nusga öňküsinden 10 kg ýeňil we 30% çalt hereket edýär. Şeýle-de hereketlerini dolandyrmak ukyby ep-esli gowulaşdyrylypdyr.
Maskyň soňky bahalandyrmalaryna görä, 2040-njy ýyllarda dünýäde, takmynan, bir milliard gumanoid robot bolup biler. Ol Tesla-nyň şol bazaryň, azyndan, 10%-ine eýelik etmegine umyt baglaýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, eýýäm 2025-nji ýylda Tesla kärhanalarynda «bir müňden gowrak ýa-da müňlerçe» Optimus roboty işläp başlar.


14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

02.03.2026 23:27
1.7k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

19.02.2026 14:25
2.2k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...