Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

  • 16.05.2025 15:31
  • 4.8k+

11-13-nji maýda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşykda bu formatyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar kesgitlenildi.
J.Gurbangeldiýew çykyşynda bilim tehnologiýalarynyň, şol sanda sanly bilim, emeli intellekt we aragatnaşyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin bilim ministrleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle-de, tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe sebitiň ýurtlarynyň hem-de Hytaý bilen tejribe we bilim alyşmagyň aýratyn möhümdigini belledi. Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň türkmen halky üçin strategik ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Duşuşykda talyplary we mugallymlary taýýarlamak, öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly ikitaraplaýyn taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, daşary ýurt dillerini, sanly bilim we takyk ylymlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Hytaýyň toplan tejribesi bellenilip geçildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwretmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy nygtaldy.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministriniň hytaýly kärdeşi bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda mugallymlary bilelikde taýýarlamagyň, Türkmenistanda hytaý dilini öwretmegiň, hünär-tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapynyň grantlaryny özleşdirmek işlerini dowam etdirmek, şeýle hem Emeli intellekt boýunça türkmen-hytaý bilim laboratoriýalaryny döretmek bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça pikir alşyldy.
Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşlaryň 100 sanysyny bakalawr ugry boýunça Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek boýunça seçip alyş işleriniň dowam etdirilýändigi barada habar berildi.


şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

17.06.2026 09:44
2.3k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......