Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi

  • 15.05.2025 11:27
  • 3.5k+

Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär.

Filmiň ady «Last Scene» (Soňky sahna). Sýužeti teleseriallaryň geljekki žanrlaryny halas etmek üçin, mundan 50 ýyl ozalky döwre syýahat edýän Ýui atly gyzyň Kurata atly ssenarist bilen tanyşmagy barada gidýär.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa dowamlylygy, takmynan, dört minut bolan wideo neşir etdi. Onda bu filmiň nädip surata düşürilendigi görkezilýär.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....