Serdar Berdimuhamedow “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 15.05.2025 10:32
  • 5.2k+

14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde “PETRONAS” kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi.
Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutany kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy köpýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda bildirilen ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi hem-de bu düzümiň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......