Fransuz mekdeplerinde smartfonlardan “10 gün ýüz öwürmek” tejribesi geçirilýär

  • 15.05.2025 00:04
  • 4.6k+

Fransiýanyň ýüzlerçe mekdebinde smartfonlardan, planşetlerden we oýun pristawkalaryndan ýüz öwürmek boýunça 10 günlük sosial tejribe başlady. Ol 13-nji maýdan 22-nji maý aralygynda dowam eder we oňa 117 500-den gowrak çaga gatnaşar diýip, BFMTV habar berýär.

Tejribäniň dowamynda okuwçylar öz gajetlerini okuw güni gutarýança şkafda goýýar. Tejribä çagalar baglaryndan başlap, ýokary synplara çenli bilim edaralary gatnaşýar. Ene-atalardan, terbiýeçilerden we mugallymlardan hem mekdebiň çäklerinde, aýratynam, arakesme wagty telefonlary ýa-da beýleki gurluşlary ulanmazlyk haýyş edilýär.
Bu taslama “jogapkärli sarp ediş we akyl saglygy boýunça maşk” hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň maksady hemmelere olaryň ekranlara näderejede baglanandygyny görkezmekden we gündelik endiklerini üýtgetmäge kömek etmekden ybarat.
Bu 10 günüň dowamynda okuwçylara “aragatnaşyk we ylmy gözlegler” boýunça goşmaça sapaklar berler. Şeýlelikde, olara telefonsyz wagt geçirmegiň hem dürli usullarynyň bardygy görkeziler.
Mundan başga-da, okuwçylara sapak däl wagty, ýagny mekdebe gaýtmazdan ozal irden, uly arakesmede, mekdepden geleninden soň telefondan ýüz öwrendikleri üçin utuk toplamak teklip edilýär.
Belläp geçsek, Fransiýanyň käbir mekdeplerinde okuwçylara okuw gününiň dowamynda ykjam telefonlary ulanmak doly gadagan edildi. Soňky döwürde şeýle düzgünler Ýewropanyň hem köp ýurtlarynda ara alnyp maslahatlaşylýar ýa-da eýýäm girizildi.  


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......