Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy

  • 14.05.2025 15:50
  • 2k+

Russiýaly alymlar Morrisonyň goriçnigi (Peucedanum morisonii) atly dermanlyk ösümlikden alnan kumarin esasynda guş dümewine garşy täze birleşmeleri işläp taýýarladylar. Bu birleşmeler lukmançylykda wirusly ýokanç keselleri bejermek üçin ulanylyp bilner diýip, patente salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.

A dümew wirusy adamlarda möwsümleýin dümewe sebäp bolýar, şeýle-de guşlarda we käbir süýdemdirijilerde hem ýüze çykyp bilýär. Bu wirus, köplenç, mutasiýa geçirip, ýagny üýtgäp, epidemiýalaryň döremegine sebäp bolýar.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümçesine degişli Nowosibirsk organiki himiýa instituty bilen Smorodintsew adyndaky Dümew boýunça ylmy-gözleg institutynyň alymlary täze wirusa garşy derman serişdelerini işläp düzmegiň zerurdygyny belleýärler. Munuň sebäbi bolsa, täze ýokanç keselleriň ýüze çykmagy we ozalky dermanlara garşy durnuklylygyň artmagydyr.

«Oýlap tapyşyň esasy maksady elýeterli ösümlik kumarini esasynda, täze wirusa garşy serişdeleri döretmekden ybaratdyr. Agzalan birleşme – Morrisonyň goriçniginiň ikinji derejeli metabolitidir» — diýip, patentde görkezilýär.

Morrisonyň goriçnigi – Günbatar Sibiriň, Altaýyň we Gazagystanyň sähralyk we tokaýlyk ýerlerinde duş gelýän köpýyllyk ösümlikdir. Halk lukmançylygynda ol sowuklama garşy serişde hökmünde ulanylýar.
Alymlar kumariniň himiki düzümini üýtgedip, azot saklaýan görnüşlerini döretdiler.

«Oýlap tapyşyň artykmaçlygy täze birleşmeleriň sintezlenmegidir» — diýip, patentde bellenilýär. Birleşmeleriň täsiri öýjük kulturalarynda barlanyp, remantadin we oseltamiwir serişdeleri bilen deňeşdirildi. Netijede, täze birleşmeler dümewiň ştammyna garşy, remantadine garanyňda 30 esse has täsirli bolup çykdy. Şeýle-de täze birleşmeleriň adam organizmine garşy ýaramaz täsirleri hem gaty az boldy.


09.06.2026 23:14
7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....