Camry we Accord yzda: Volkswagen Passat Hytaýda sedan satuwynda öňdebaryjy boldy

  • 14.05.2025 14:54
  • 4.7k+

2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi.

Dongchedi hytaý çeşmesiniň maglumatlaryna görä, aprel aýynda 18 000 Passat awtomobili satyldy, Camry-nyň satuwy 16 000, Accord bolsa – 14 000 ulag boldy.
Üstünligiň esasy şerti arzanladyş boldy. 2025-nji ýylyň Passat ulagynyň esasy wersiýasy 2024-nji ýylyň modeli bilen deňeşdirilende 24 000 ýuan (takmynan, 3350 dollar) arzanlady. Indi onuň bahasy 158 000 ýuandan (21 900 dollar) başlaýar. Deňeşdirmek üçin, has ykjam Volkswagen Sagitar sedanynyň iň ýokary wersiýasy 169 900 ýuana (23 600 dollar) barabar.
160 at güýjüni berýän 1,5 litrik EVO II hereketlendirijisini alan Passat döwrebap tehnologiýalar: ikinji derejeli sürüjä kömek ulgamy, matrisa faralary we üç zolakly howa gözegçiligi bilen üpjün edildi.


09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.2k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....