Alymlar suw desgalaryny arassalamak üçin bir gezeklik, iýilýän robotlary döretdiler

  • 14.05.2025 11:23
  • 4.8k+

EPFL intellektual ulgamlar laboratoriýasyndan (Şweýsariýa) aspirant Şuhang Çžan we onuň topary täze bir taslamany, ýagny daşky gurşawa zyýan bermezden, suwuň üstünde ýüzüp bilýän kiçijik robotlary hödürlediler. Enjamlar naşyja gaýyklar görnüşinde ýasalyp, onuň düzüminde plastmassa, batareýa we elektronika ýok. Hereket etmek üçin olar mekdebiň "wulkanly" synagyna meňzeş ýönekeý himiki reaksiýany ulanýarlar.

"Tebigy gurşaw üçin kindiwanja ýüzýän robotlaryň işlenip taýýarlanyşy çalt depginde ösýän hem bolsa, olarda duýgur howdanlarda kynçylyk döredýän plastmassa, batareýalar we elektronika ulanylýar. Ýöne biz bu materiallary biologik taýdan dargaýan we zäherli däl materiallar bilen çalyşmagyň usulyny tapdyk" -diýip, Çžan düşündirdi.

Robotlar balyk iýmiti görnüşindäki iýilýän materialdan ýasalan. Awtorlaryň sözlerine görä, onuň düzümindäki belogyň düzümi adaty owuntyklardaka garanyňda 30% ýokarydyr. Işleri gutaransoň, enjamlar suwdaky jandarlara iýmit bolýar.
Her enjam temperatura, pH, hapalanma we mikroorganizmler baradaky maglumatlary ýygnaýan biologik taýdan dargap bilýän datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Maglumatlary uzak aralykdan okap bolýar.
Robotlary dolandyrmak çylşyrymly däl – olaryň hereketleri mör-möjeklere meňzeýär we hereket ugry bolsa gurnalanda kesgitlenýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....