Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine howp salýar

  • 14.05.2025 11:19
  • 9.5k+

Kenarýakada ýerleşýän Erdek şäherinde Mermer deňzinde peýda bolan deňiz sülekeýi Türkiýäniň demirgazygynda syýahatçylyk möwsümine zyýan ýetirip biler. Bu barada ýerli metbugat habar berýär.

Syýahatçylaryň we ýaşaýjylaryň “himiki suwoty” diýip atlandyrýan deňiz sülekeýi alymlary alada goýýar. Professor Mustafa Saranyň sözlerine görä, onuň Mermer  deňziniň tutuş ýüzüne ýaýrap, doly örtmegi ähtimal. Has beteri, bu geljek möwsümde syýahatçylyk pudagynyň işine howp salyp biler.
Stambulyň kenarlarynda mýusilaž diýlip hem atlandyrylýan sülekeýiň peýda bolandygy 2025-nji ýylyň başynda ýüze çykarylypdy. Şeýle-de bolsa, daşky gurşawy goraýjylar bu meseläniň täzelik däldigini ýatladýarlar, bu dört ýyl ozal bellige alnypdy we bu barada dessine hökümete habar berlipdi. Şol döwürde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Ärdogan hem bu hapalanmanyň ýaýramagynyň öňüni almagy wada berip, ýagdaýa goşulypdy.
Aýdyn uniwersitetiniň wekili, professor Gýuwen Ozdemir sülekeýiň ýaýramagynyň sebäplerini düşündirdi. Alymyň sözlerine görä, onuň peýda bolmagy diňe adamyň işjeňligi, esasanam, deňziň hapalanmagy bilen baglanyşykly. Professor himiki hapalanmanyň senagatyň galyndylary we lagym suwlary bilen bagly döreýändigini tassyklaýar.


düýn 09:50
4.1k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......