Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy

  • 13.05.2025 18:55
  • 4.5k+

12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, okuw maslahaty 12-16-njy maý aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýär. Seminar ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýagdaýyny döretmäge hem-de goňşy ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy (UNRCCA) Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşliýew çykyş etdiler.
Dabara gatnaşyjylar bu çäräniň bilimleri kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bir hatarda Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ýaş liderleriň we diplomatlaryň ösüşini goldamaga ymtylýandygy, şonuň üçin hem BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sebitiň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahatyny geçirmäge ýardam berýändigi bellenildi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....