BMW-niň girdejisi birinji çärýekde 26,4% aşaklady

  • 12.05.2025 12:53
  • 4.6k+

BMW Group ýylyň ilkinji çärýegini 2,17 mlrd ýewro girdeji bilen tamamlady, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,4% pesdir. Kompaniýanyň umumy girdejisi hem 7,8% peselip, 33,76 mlrd ýewro boldy.

Maliýe görkezijileri analitikleriň çaklamalaryndan pes boldy, emma beýleki bäsdeşlerinden tapawutlylykda, kompaniýa 2025-nji ýyl üçin oňyn çaklamalaryny saklaýar. BMW-niň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, ABŞ bilen beýleki ýurtlaryň jogap hökmünde girizen gümrük paçlarynyň täsiri wagtlaýyn bolar. Kompaniýa görä, girizilen paçlar onuň ykdysady görkezijilerine iň uly täsirini iýul aýynda ýetirer.
Mundan ozal Stellantis, Volkswagen we Mercedes-Benz kompaniýalary 2025-nji ýyl üçin çaklama bermekden ýa-da paç çaknyşyklarynyň mümkin bolan täsirlerini bahalandyrmakdan saklanypdylar.
Mart aýynyň ahyrynda, Donald Tramp ABŞ-a getirilýän ähli awtoulaglara 25%-lik gümrük paçlaryny girizdi. 29-njy aprelde bolsa, Tramp awtoulag öndürijilerine käbir ýeňillikleri girizýän karara gol çekdi. Karara laýyklykda, eger-de awtokonsernler awtoulaglaryň importy üçin eýýämden 25% paç töleýän bolsalar, onda olar Kanadadan we Meksikadan getirilýän alýumin bilen polat üçin goşmaça paçlardan boşadylýar. Şeýle hem öndürijiler import edilýän şaýlaryň käbiriniň bahasy üçin paç ýeňilliklerine dalaşgär bolup bilerler, emma bu ýeňillikler hem öňümizdäki iki ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn ýatyrylar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......