Tramp awtomobilleriň we ätiýaçlyk şaýlarynyň ABŞ-a importyna 25% paç girizdi

  • 27.03.2025 15:50
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ähli import awtomobilleri we olaryň esasy komponentleri üçin 25% nyrh girizmek barada permana gol çekdi. Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berildi. Gümrük haky 2-nji aprelden güýje girer, ýöne käbir kategoriýalar üçin möhletiň yza süýşürilmegi göz öňünde tutulýar.

Salgyt ýolagçy we ýeňil täjirçilik awtomobillerine, hereketlendirijilere, transmissiýa böleklerine, elektron düzüm böleklerine we beýleki ätiýaçlyk şaýlaryna degişlidir. Kanadadan we Meksikadan öndürijiler pajyň diňe amerikan däl böleklere degişli bolmagy üçin önümleri şahadatnamalaşdyryp biler. Ätiýaçlyk şaýlary üçin nyrh mehanizmi heniz doly işlenmedi.
Trampyň administrasiýasy bu çäreleriň amerikan awtoulag senagatynyň ösüşine itergi berjekdigini aýdýar. Resmi maglumatlara görä, 1985-nji ýylda ABŞ-da awtoulag serişdeleriniň satuwynyň 97%-i ýerli brendlere degişli boldy. 2024-nji ýyla çenli bu görkeziji 50%-e çenli peseldi, şol bir wagtyň özünde olarda amerikan komponentleri 40%-den gowrak boldy.
Trampyň administrasiýasy gümrük haklarynyň býujete 100 mlrd dollar goşmagyna garaşýar. Ýöne analitikler öndürijileriň çykdajylary alyjylaryň “üstüne ýüklejekdigini”, munuň hem awtomobilleriň bahasyny 10 müň dollara çenli ýokarlandyryp, 2025-nji ýylda bazary 700 müň – 2 mln ulaga çenli azaldyp biljekdigini çaklaýar.
Pudagyň kärdeşler arkalaşyklary Trampyň başlangyjyny goldap, munuň täze iş orunlaryny döredip biljekdigine bil baglaýar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......