Alymlar 3D çap usulynda aortanyň ornuny tutýan bio dokumany çap etdiler

  • 12.05.2025 12:31
  • 3k+

Ýel uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary zeper ýeten bio dokumalary 3D çap usulynda döredilen bio dokuma bilen çalyşmagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Synagda çap edilen aorta syçanlara üstünlikli imlpantasiýa edildi, bu bolsa adamlarda ýürek-damar kesellerini bejermekde täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda lukmançylykda iki çemeleşme ulanylýar: sintetiki transplantatlar ýa-da näsagyň öz öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirilen damarlar. Emma politetraftoretilen we polietilentereftalat ýaly sintetiki materiallar diňe uly diametrli ýagny, diametri 6 mm-den gowrak damarlara gabat gelýär. Olaryň ulanylmagy gan damarlarynyň dykylmagy, diwarlaryň zaýalanmagy we ýokanjyň aralaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Autologiki transplantatlar 30% ýagdaýda şowsuz bolýan çylşyrymly operasiýalary talap edýär.
Alymlar täze usulda syçanyň ýylmanak myşsa öýjüklerini we fibroblastlary ulandylar. Olary gidrogel bilen garyp, biosyýa aldylar. Garyndyny bioprinterdäki şprislere guýdular we damar emele getirmek bilen aýlanýan demir sterženiň ýanyna eltdiler.
Awtorlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu usul dürli uzynlykdaky we diametrli çydamly hem-de bio ylalaşykly damarlary çalt döretmäge mümkinçilik berýär. Kollagenli gidrogel diwaryň deformasiýasyny peseldýär, öýjük donory hassanyň özi bolman hem biler. Işläp taýýarlama süýji keseli we ateroskleroz ýaly kesellerde ulanylyp bilner.
Barlagyň netijeleri Scientific Reports žurnalynda beýan edilýär.


09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......