Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär

  • 10.05.2025 19:12
  • 7k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär.

Häzir Tennessi ştatynyň Memfis şäherinde ýerleşýän kuwwatly EA toplumy ýerli elektrik ulgamyna doly birikmäge taýýar. Ol Memphis Light, Gas and Water (MLGW) we Tennessee Valley Authority (TVA) kompaniýalaryndan 150 MWt möçberde energiýa alar. Mundan başga-da, elektrik öçen ýagdaýynda ýa-da bökdençlikler bolanda ätiýaçlyk üçin 150 MWt kuwwatly Tesla Megapack akkumulýatorlary göz öňünde tutuldy.
Ilon Maskyň superkompýuteri geçen ýylyň iýul aýynda 100 000 sany Nvidia H100 çibi bilen işläp başlady. Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huang enjamlaryň rekord möhletde – 19 günde gurnalandygyny aýtdy, adatça, bu iş dört ýyla golaý wagt alýar. Howlukmaçlyk sebäpli başlangyç tapgyrda gaz turbina generatorlaryny ulanmaly boldy, çünki elektrik ulgamyna gönüden-göni birikme ýokdy. Ilkibaşda her biri 2,5 MWt kuwwatly 14 generatoryň bardygy habar berildi, ýöne ýerli ýaşaýjylar olaryň 35-den gowrakdygyny aýtdy.
Taslamanyň birinji tapgyrynyň işe girizilmegi Colossus-yň indi TVA-dan esasy energiýany ulanyp biljekdigini aňladýar. Bu kompaniýanyň elektrik energiýasynyň, takmynan, 60%-i gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýar: suw, Gün, ýel we atom. Şonuň netijesinde wagtlaýyn generatorlaryň ýarysyna golaýy öçürildi. Galanlary 150 MWt kuwwatly ikinji podstansiýa işläp başlaýança, güýze çenli işlär. Superkompýuteriň umumy kuwwaty 300 MWt bolar. TVA şeýle energiýany beýleki sarp edijilere zyýan ýetirmezden üpjün edip biljekdigine ynandyrýar.
Fewral aýynda çipleriň sany 200 000-e çenli artdyryldy, indi bolsa Ilon Mask olaryň sanyny milliona ýetirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin has köp elektrik energiýasy gerek bolar we häzirlikçe TVA-nyň şeýle energiýany ýerli ilat üçin bökdençlik döretmezden üpjün edip biljekdigi belli däl.
Taslama Memfisiň köp ýaşaýjylarynyň nägileligine getirdi diýip, The New Yorker ýazýar. Adamlar howanyň hapalanmagyndan, elektrik ulgamlaryna agram düşmeginden we suw ýetmezçiliginden howatyrlanýar. Generatorlaryň oturdylan ýerinde eýýäm ýerli aktiwistler bilen çaknyşyk boldy. Käbirleri taslamany togtatmagy, beýlekiler bolsa barlag geçirip, xAI-iň meýilnamalaryny köpçülige mälim etmegi talap edýär. 


17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

02.06.2026 20:46
4.6k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.5k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....