“Betmen 2” režissýorsyz galdy. Film indiki ýazda düşüriler

  • 10.05.2025 14:49
  • 6k+

“Betmen: Bölüm II” filminiň düşürilişi 2026-njy ýylyň mart aýyna süýşürildi. Film Londonda düşüriler diýip, Production Weekly habar berýär.

Ozal taslamanyň režissýory hökmünde Mett Riwz bellenipdi, ýöne indi ol ssenariçi hökmünde görkezilýär. Täze režissýoryň ady heniz belli däl, ähtimal, studiýa häzir mynasyp dalaşgäri gözleýän bolsa gerek.
Gürrüňlere görä, Mett Riwziň režissýor wezipesinden gitmeginiň sebäbi onuň şahsy ýagdaýy bilen baglanyşykly, ýöne bu barada maglumat berilmeýär. Ozal Riwz Betmen barada trilogiýa düşürer diýip çak edilipdi. Belläp geçsek, bu trilogiýanyň birinji bölümi 2022-nji ýylda çykdy we üstünlik gazandy. Ýöne filmiň dowamynyň önümçiligi ençeme gezek yza süýşürildi.
Ikinji “Betmeniň” premýerasy 2027-nji ýylyň 1-nji oktýabryna meýilleşdirilýär. 


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....