“Şrek 5” multfilminiň sýužeti barada ilkinji maglumatlar peýda boldy

  • 10.05.2025 13:47
  • 2.5k+

Belli insaýder MyTimeToShineHello geljekki “Şrek 5” multfilminiň sýužeti barada ilkinji maglumatlar bilen paýlaşdy. Maglumatlara görä, meşhur multfilmiň bäşinji bölümi Şrekiň Felisiýa atly gyzy barada gürrüň berer. Onuň keşbine aktrisa Zendeýa ses berer.

Insaýderiň aýtmagyna görä, Felisiýa tötänleýinlikde güýçli jadyny ulanýar. Netijede, Şrek we onuň iň gowy dosty Eşek biziň dünýämize düşýär. Indi olar ertekiler dünýäsine gaýdyp barmagyň ýoluny tapmaly bolar. Mesele Felisiýanyň muny nädip etmelidigini bilmezligidir.
Dreamworks studiýasyndan “Şrek 5” multfilminiň sýužetiniň resmi beýany heniz ýok. Bu barada ilkinji treýler çykandan soň belli bolar diýlip garaşylýar. Dünýä kinoteatrlarynda multfilmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 23-nji dekabryna meýilleşdirilýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....