“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filminiň täze treýleri çykdy

  • 09.05.2025 16:11
  • 5.2k+

“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) remeýkiniň 12-nji iýuna meýilleşdirilen premýerasyna bir aý galanda taslamanyň täze IMAX treýleri çykdy. Ol 2010-njy ýylyň asyl multfilminden muşdaklara tanyş bolan esasy pursatlary açyp görkezýär.

Režissýor Din DeBlua wakany täzeçe düşündirmek üçin franşiza gaýdyp geldi. Jerard Batler ýene-de serdar Stoik Äpediň keşbini ýerine ýetirdi.
Treýler Ikingiň (Hiccup) aždarha Dişsiz (Gijeki Furiýa) bilen ilkinji duşuşygyny, olaryň kem-kemden ýüze çykýan dostlugyny we tolgundyryjy ilkinji uçuşy görkezýär.
Treýlerde Dişsiz ilkibaşda Ikinge hüşgär garaýar, ýöne tiz wagtdan olaryň arasynda gatnaşyk gurulýar. Tomaşaçylar Iking bilen Dişsiziň çägede surat çekişini, şeýle-de onuň döreden esbabyny ulanyp, uçuşa taýýarlygy görer. Wakanyň kulminasiýasy asmandaky epiki söweş bolar.
Remeýkiň köp sahnalary asyl multfilmi gaýtalaýar, ýöne Dişsiz täzelenen, özüne çekiji keşbe eýe boldy. Sahnalaryň birinde Iking “Biziň siz barada bilýän zatlarymyzyň ählisi ýalan” diýmek bilen, oglunyň pikirlerine garşy çykýan kakasy Stoik bilen gapma-garşylygy görkezýär.
CinemaCon-da görkezilenden soňky ilkinji synlar bu remeýki öz žanrynda iň gowularyň biri diýip atlandyrýar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....