GTA 6-nyň täze treýleri bir günde 475 million gezek görlüp, Marvel-iň rekordyndan geçdi

  • 09.05.2025 13:00
  • 6k+

Rockstar Games GTA 6-nyň ikinji treýleriniň ilkinji 24 sagadyň dowamynda 475 million gezek görlendigini we güýmenje pudagynda rekord goýandygyny habar berdi. Ozalky rekord «Dedpul we Rosomaha» (Deadpool & Wolverine) filmine degişli bolup, ol 365 million gezek görlüpdi.

GTA 6-nyň birinji treýleri diňe YouTube-da neşir edilipdi we 93 million gezek görlüpdi. Täze wideorolik bolsa, PlayStation we Xbox-yň YouTube kanallarynda hem ýerleşdirilip, dürli platformalarda elýeterli edildi.
Treýlerde ulanylan The Pointer Sisters toparynyň «Hot Together» aýdymy eýýäm hite öwrüldi. Spotify hyzmatynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, aýdymy diňlenişi 182 müň göterim artdy.
Rockstar Games treýler bilen bir hatarda, resmi web sahypasynda oýnuň wakalary barada bölüm işe girizdi. Oýnuň düşündirişine görä, oýnuň esasy gahrymanlary Jeýson Dýuwal we Lusiýa Kaminos bolar. Bu jübüt jenaýatly dildüwşügiň merkezine düşüp, kynçylykdan bilelikde çykmaga çalşarlar.
Şeýle hem sýužetde Jeýsonyň dosty Kel, köçe söwdagäri Bubi Aýk, özüni gangster diýip tanadýan Dre’kuan Prist, rep-duet Real Dimez, ogry Raul Batista we beýleki birnäçe keşpler peýda bolar.


düýn 18:02
2.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 12:39
4.7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

düýn 08:03
4.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......