DoorDash amerikan eltip bermek hyzmaty $3,9 mlrd dollara Deliveroo britan hyzmatyny satyn alar

  • 09.05.2025 12:29
  • 4.1k+

DoorDash amerikan kompaniýasy Beýik Britaniýanyň Deliveroo nahar eltip bermek hyzmatyny 2,9 mlrd funt sterlinge (takmynan, 3,9 mlrd dollara) satyn almak boýunça ylalaşdy. Ylalaşyga görä, DoorDash Deliveroo-nyň her bir paýnamasy üçin 180 pens töleýär, bu bolsa onuň häzirki bahasyndan 44% köpdür. Geleşigiň tamamlanmagy üçin, iki kompaniýanyň paýdarlarynyň hem razylygy gerek bolar.

Ylalaşyk üstünlikli amala aşyrylsa, birleşen kompaniýa 40-dan gowrak ýurtda işlär we her aýda, takmynan, 50 million müşderä hyzmat eder. 2024-nji ýylda DoorDash bilen Deliveroo-nyň bilelikdäki umumy sargyt bahasy 90 mlrd dollar boldy.
DoorDash-yň baş direktory Toni Sýuý Deliveroo toparynyň işine «köpden bäri haýran galyp gelýändigini» belläp, olaryň «müşderilerine höwes bilen hyzmat edýändiklerini» aýtdy. Şeýle-de bolsa, Deliveroo bazarda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. 2021-nji ýylda kompaniýa Londonyň gazna biržasynda paýnamalaryny ilkinji gezek hödürlän mahaly, şowsuzlyga uçrady – söwdanyň ilkinji gününde olaryň bahasy tas 30% diýen ýaly aşaklady. Şondan bäri, Deliveroo-nyň paýnamalary öz gymmatynyň 50%-den gowragyny ýitirdi.
Ylalaşyk baradaky habardan soň, Deliveroo-nyň paýnamalarynyň bahasy, takmynan, 2% ýokarlandy. DoorDash-yň paýnamalary bolsa, elektron söwdada 0,15% ýokarlandy.

düýn 17:02
1.9k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.1k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.8k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......