Ýewropa ligasynyň finalyna «ManÝunaýted» we «Tottenhem», Konferensiýalar ligasynyňka — «Çelsi» bilen «Betis» çykdy

  • 09.05.2025 10:35
  • 7.6k+

Ýewropa ligasynyň finala duşuşygyna iňlis klublary — «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» çykdy. Konferensiýalar ligasynda bolsa final duşuşygynda «Çelsi» bilen Ispaniýanyň «Betis» kluby güýç synanyşar.

«Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda Bilbaodan «Atletik» klubuny kabul etdi. Birinji oýunda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanan iňlisler, jogap oýunda hem 4:1 hasap bilen üstün çykdylar. Meýson Maunt dubl etdi, şeýle-de Hoýlund we Kazemiro bir gol geçirdiler. Iki oýnuň jemi boýunça hasap — 7:1.
Beýleki bir iňlis kluby «Tottenhem» ýarym finalda Norwegiýanyň «Bude-Glimt» toparyny ýene-de ýeňlişe sezewar etdi. Birinji duşuşykda londonlylar 3:1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Jogap oýunda bolsa myhmançylykda garşydaşlarynyň derwezesine jogapsyz 2 gol geçirdiler. Iki duşuşygyň jeminde 5:1 bilen finala çykdylar.
Ýewropa ligasyndaky final duşuşygy 22-nji maýa geçilýän gije Ispaniýanyň Bilbao şäherindäki «San-Mames» stadionynda geçiriler.
Konferensiýalar ligasynda bolsa «Çelsi» birinji duşuşykda Şwesiýanyň «Ýurgorden» toparyny myhmançylykda 4:1 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşykda bolsa «Çelsiniň» tälimçisi Mareska esasan ýaş oýunçylary meýdança çykardy. Ýeňiş üçin bu hem ýeterlik boldy. Oýun 1:0 hasabynda tamamlandy, iki duşuşygyň jeminde «Çelsi» 5:1 bilen finala çykdy. Ýeke-täk goly Dýusberi-Holl geçirdi.
Finalda "Çelsiniň" garşydaşy «Betis» topary bolar. Ispan kluby ýarym finalda Italiýanyň «Fiorentina» toparyny goşmaça wagtda geçdi. Ilkinji duşuşykda «Betis» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Italiýada bolsa Pellegrininiň topary bir gol geçirip artykmaçlygyny saklap bilmedi. «Fiorentina» garşylyk görkezip, Gosensiň dubl etmeginiň hasabyna oýny 3:3 hasabyna ýetirdi. Şeýlelikde duşuşyk goşmaça wagta geçdi, ol ýerde «Betisiň» hüjümçisi Abde Ezzalzuli ýeňiş goluny geçirdi. Iki oýnuň jemi hasaby — 4:3.
Konferensiýalar ligasynda final duşuşygy 29-njy maýa geçilýän gije Polşanyň Wroklaw şäherinde geçiriler.


şu gün 13:51
3.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......