Niderlandlarda seýrek we üýtgeşik boýagly Lamborghini Revuelto satylýar

  • 09.05.2025 01:43
  • 6.4k+

Lamborghini Rotterdam diler merkezinde aýratyn Lamborghini Revuelto satuwa çykaryldy. Awtomobil müşderilere üýtgeşik reňkleri, materiallary we bezegi saýlamaga mümkinçilik berýän Ad Personam programmasy boýunça döredildi.

Sportkaryň kuzowy köptaraply Verde Agave boýagy bilen örtüldi. Ol syn ediş burçuna görä reňkini üýtgedip, benewşe, gök, sary öwüsýär. Şeýle boýag awtoöndürijilerde seýrek duş gelýär.
Boýagy goramak üçin ulagyň ilkinji eýesi kuzowa dury plýonka ýelmäpdir. Awtomobil 20 we 21 dýuýmlyk gara diskler, karbon bezeg elementleri we gara nyşanlar bilen üpjün edildi. Salonda Verde Fauns reňkli howpsuzlyk kemerleri, konsollarda, panellerde, gapylarda we oturgyçlarda bolsa laým-ýaşyl bezegler bar.
Lamborghini Revuelto iki ýyl mundan ozal hödürlendi. Ol 6,5 litrlik V12 hereketlendirijisi we üç elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Umumy kuwwat 1015 at güýjüne ýetýär. Superkar tizligini 100 km/sag çenli 2,5 sekuntda artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 350 kilometrden geçýär.
Awtomobiliň bahasy tutuş emläge barabar – 859 950 ýewro (972 müň dollardan gowrak).


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......