“Ýura eýýamynyň dünýäsi 3” taryhda iň gymmat film boldy

  • 09.05.2025 09:29
  • 3.6k+

“Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk” (Мир Юрского периода: Господство) filmi kinematograf taryhynda iň gymmat film boldy. Universal-yň Beýik Britaniýadaky salgyt resminamalaryna laýyklykda, filmiň önümçiligi 584 mln dollara (453 mln funt) düşdi. Bu barada Forbes we Guardian habar berýär.

Deňeşdirmek üçin, “Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy” (Звездные войны: Пробуждение силы) filminiň býujeti 450 mln funt boldy.
Bellenilişi ýaly, çykdajylaryň ýokary bolmagy COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşyklydyr. Karantin sebäpli surata düşüriji topar, şol sanda aktýorlar bäş aýlap kaşaň Langley myhmanhanasynda ýaşamaly boldy. Franşizanyň soňky iki filmi üçin umumy çykdajy 1,1 mlrd dollar boldy. Filmiň dowamy-da Beýik Britaniýada düşürildi.
Şol bir wagtyň özünde, film täjirçilik taýdan üstünlikli boldy. Ol prokatda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. 115 mln dollar möçberdäki salgyt ýeňillikleri netijesinde studiýanyň ahyrky çykdajylary 473 mln dollar boldy. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal-yň arassa girdejisi 229 mln dollara ýetdi, bu bolsa 2022-nji ýylda altynjy ýokary görkezijidir.
2025-nji ýylda franşizanyň täze – “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň çykmagyna garaşylýar.


düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....