NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy

  • 08.05.2025 12:26
  • 4.2k+

Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Bu hadysa NASA-nyň Günorta ýarymşaryň orta giňişliklerinde geçiren synag maksatnamasynyň möhüm bölegi boldy.

Uçuş 4-nji maýda ABŞ-da gündogar wagty bilen 7:46-da tamamlandy. Şonda aerostat Ýuwaş ummanynda Täze Zelandiýadan 813 km gündogarda suwa düşdi.
Wirjiniýa ştatynda (ABŞ) ýerleşýän Uollops adyndaky Kosmos uçuş merkezindäki (WFF) ylmy howa şarlarynyň işini dolandyrmak boýunça NASA-nyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Gabriel Gard bu üstünlikli uçuşyň arkasynda duran toparyň tejribesine we yhlasyna buýsanýandygyny aýtdy. Howa şary hem-de onuň bilen uçurylan ylmy enjamlar synag döwründe dogry işledi.

Ylmy maksatlar ýerine ýetirilen hem bolsa, şaryň içinde ownuk syzmalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Gündizlerine uçuş wagty beýiklik saklansa-da, gijelerine, esasan-da sowuk sebitleriň üstünden uçanda, beýiklik peseldi. Şaryň durnuklylygyny saklamak üçin, goşmaça agramlardan (ballastlardan) doly peýdalanyldy.
NASA şaryň ýagdaýyna gözegçiligi dowam etdirýär. Geljekki uçuşy bäş gün soň, Günorta Amerikanyň üstünden geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu howa şary ýokary basyşly we 532 müň kub metr göwrümli bolup, gündiz-gije temperaturasy üýtgese-de, şol bir beýiklikde uçup bilýär.

Uçuşyň esasy maksady ýokary basyşly howa şarlarynyň tehnologiýasyny synagdan geçirmek we tassyklamak bolsa-da, bu şar bilen bilelikde NASA-nyň Kolorado ştatynyň Boulder şäherindäki Milli atmosfera gözleg merkeziniň Belentlik obserwatoriýasy tarapyndan işlenip düzülen, ýokary takyklyk bilen ýeliň tizligini ölçemäge ýardam berýän HIWIND enjamy hem daşalýar. HIWIND enjamy Ýeriň termosferasyndaky ýeliň tizligini ölçeýär, bu bolsa alymlara ionosferadaky üýtgeşmeleri çaklamaga ýardam berýär.


düýn 14:38
2.8k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......