Türkmenistanyň Döwlet sirki 11-nji maýda şüweleňli çykyşlaryny görmäge çagyrýar

  • 08.05.2025 11:08
  • 2k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 11-nji maýda şüweleňli sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 

Çykyşlar sagat 18:00-da başlanýar.
Şüweleňiň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlaryň çykyşlary, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler.
Biletleri kassadan hem-de 
sirk.gov.tm resmi sahypasynda «online» görnüşinde alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45;


düýn 17:31
643

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....