Serdar Berdimuhamedow 4 aýyň jemleri boýunça Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 08.05.2025 10:38
  • 9.6k+

7-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri bilen bagly meseleler girizildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.
Baş prokuror B.Muhamedow milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, düzümleýin edaralarda hukuk serişdeleriniň döwrebap usullaryny ulanmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler, ministrligiň işgärleri üçin döredilýän gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri barada aýtdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew kazyýet işini has-da kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleri taýýarlamak, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew döwletimizde abadançylygy saklamak, döwrebap tehniki serişdeleri we işiň netijeli usullaryny ulanmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, türkmenistanlylara degişli hukuk kömegini bermek, ösüş maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Watanymyzyň serhedinden ýükleriň, şol sanda üstaşyr ýükleriň kadaly geçirilmegi boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanlylaşdyrmagyň we bu ulgama öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......