Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby bagtyýar gerçekleriň bäsleşiginde baş baýrak aldy

  • 07.05.2025 14:58
  • 12k+

6-njy maýda Aşgabatda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Soňra ikinji şerte laýyklykda, türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezýän aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi.
Üçünji şertde bäsdeş ýigitler ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rüstem Saryýew bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň Baş baýragyna eýe boldy we ýeňiji diýlip yglan edildi.
Baýrakly orunlara eýe bolan we bäsleşige işjeň gatnaşan talyplar guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.


şu gün 19:31
121

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......